Financial Times beýannama beren Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Elina Waltonen: "Häzirki wagtda esger ugratmagyň wagty däl we bu tapgyrda bu meseläni jedelleşmek islemeýäris. Emma Elbetde, uzak möhletde hiç hili mümkinçiligi aradan aýyryp bilmeris" diýip habar berdi.
Daşary işler ministri Elina Waltonen mundan başgada Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Günbataryň Ukraina goldawynyň çäkleri bilen bagly näbellilik döredýän çemeleşmesini tassyklady.
Mart aýynda Makron hem Ukraina esger ugratmak mümkinçiliginiň hem bardygyny aýdypdy.
Şol beýanatdan soň NATO agza ýurtlaryň aglabasy esger ugratmak meýilnamalarynyň bolmandygyny belläpdiler.
Baltika ýurtlary we Polşa Makronyň inisiatiwasyny goldapdy.
Soňra Russiýanyň Daşary razwedka gullugy Fransiýanyň Ukraina 2 müň esger ibermäge taýarlyk görýändigini aýdypdy we Kreml bu hereketleriň "düzedip bolmajak" netijelere sebäp boljakdygy barada duýduryş beripdi.