“Financial Times”: 2022-nji ýylyň iň täsirli zenanlary

Amerikaly aýdymçy, “nesliň owazy” adyna eýe bolan Billi Aýliş, britan şazadasy Garriniň ýanýoldaşy Megan Markl, şeýle hem sport karýerasyny tamamlan tennisçi Serena Uilýams “Financial Times” gazetinde çap edilen ýylyň 25 abraýly zenanyň sanawyna girizildiler.

Şeýle-de sanawa ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň kazysy, bu wezipede afroamerikan gelip çykyşly ilkinji zenan Ketanži Braun Jekson, “Yves Saint Laurent” modalar öýüniň direktory Françeska Bellettini, “Citigroup” bankynyň ýolbaşçysy Jeýn Freýzer, Finlýandiýanyň Premýer-ministri Sanna Marin, Kolumbiýanyň wise-prezidenti Fransiýa Markes we Pakistanyň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ministri Şerri Rehman dagy hem girdiler.

Mundan hem başga, sanawa Barbadosyň Premýer-ministri Mia Mottli, Britaniýanyň “Aviva” ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Amanda Blank, “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň öňki ýanýoldaşy filantrop Makkenzi Skott, Angliýanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi, topar bilen Ýewropanyň çempionatynda ýeňiji bolan Sarina Wigman, “Ähli zat ähli ýerde we birdenkä” (Everything Everywhere All at Once) filminde baş keşbi ýerine ýetiren malaýziýaly aktrisa Mişel Ýeo, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi fransuz zenany Anni Erno dagy hem girizildi.

Şeýle-de, “Financial Times” has abraýly zenanlaryň hatarynda ABŞ-yň iň iri dermanhanalar ulgamy degişi bolup durýan “CVS Health” riteýleriniň ýolbaşçysy Karen Linçiň, amerikan ýazyjysy Jeýms Fiore Higginsiň, zenanlaryň hukugyny gorap çykyş edýän niderland aktiwistkasy Rebekku Gompertsiň atlaryny agzady.

Mundan başga-da, neşir Keniýanyň eko-aktiwisti Paula Kahumba, zimbabweli ýazyjysy Sisi Dangaremgba, nemes suratkeşi Anne Imhof we “Men gyzarýaryn” (Turning Red) animasion filmine režissýorlyk eden hytaý asylly kanadaly režissýor Domi Şi girizildi.

Ýene degişli makalalar

Baidu kompaniýasy 2025-nji ýylda akylly äýnekleri satuwa çykarmakçy
Beýik Britaniýa daşary ýurtly işçileri çekmek üçin wiza talaplaryny gowşadyp biler
Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär
Hytaýyň BYD kompaniýasy satuwlar boýunça Tesladan ozdurdy
Ýaponiýanyň MUFG banky kompaniýalaryň ýerlenmedik harytlaryny satyn alar
Rolls-Royce puluň hümmetiniň pese gaçmagy sebäpli işgärleriniň aýlyk haklaryny köpeldýär