Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-iň finalynda “Boston Bruins” bilen “Sent Luis Bluz” toparlary duşuşarlar.Olaryň birinjisi Gündogar konferensiýanyň finalynda “Karolina Hurrikeýnsden” 4 oýunda üstün çykmagy başardy.
Ilki öz meýdançasynda 5:2 we 6:2, soňra myhmançylykda 2:1 we 4:0 hasaplar bilen ýeňiş gazanan bostonlylar 20-nji gezek Stenli Kubogynyň finalyna çykdy.Olar 6 gezek çempion bolup, 13 sapar hem finalda ýeňildiler. “Boston Bruinsiň” finaldaky bäsdeşi 6 duşuşygyň netijesinde belli boldy.
Günbatar konferensiýanyň finalynda “San Hose Şarksy” umumy hasapda 4:2 ýeňmegi başaran “Sent Luis Bluz” finala çykdy. 1-nji (6:3) we 3-nji (5:4) duşuşyklarda ýeňlişe sezewar bolan “Sent Luis” 2-nji oýunda 4:2, 4-nji oýunda 2:1, 56-njy oýunlarda-da uly hasaplar bilen 5:0 we 5:1 ýeňip, 4-nji gezek finala adyny ýazdyrdy.
Entek çempionlyk gazanyp görmedik “Sent Luis” bilen 6 çempionlygy bolan “Boston Bruinsiň” arasyndaky final duşuşyklary 28-nji maýda başlar.Ilkinji 4 duşuşykda ýeňiş gazanan topar Stenli Kubogyny gazanar.