
Hindistanda Filmfare kino baýraklary 69-njy gezek gowşuryldy.
Roki we Rani. Söýgüniň taryhy filmi 20 ugur boýunça baýraga, Haýwan filmi alty sany esasy baýraga, 12-nji şowsuzlyk bäş sany, şol sanda iň oňat film ugry boýunça baýraga mynasyp boldy diýip, Ndtv.com saýty habar berýär.
Ýylyň iň oňat aktýory diýlip, Ranbir Kapur (Animal / Haýwan), iň oňat aktrisa hökmünde Aliýa Bhatt (Roki we Rani. Söýgüniň taryhy / Rocky Aur Rani Kii Prem Kahaani) yglan edildi.
12-nji şowsuzlyk iň oňat film diýlip yglan edildi, filmiň režissýory Widhu Winod Çopra iň oňat režissýor hökmünde sylaglandy. Bu film şeýle hem iň oňat ssenariý ugry boýunça baýraga mynasyp boldy. .