Filippo Grandi: Türkmenistan raýatsyzlygy doly ýok eden dünýädäki ilkinji döwlet

Filippo Grandi: Türkmenistan raýatsyzlygy doly ýok eden dünýädäki ilkinji döwlet

Şu gün Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy ýok etmek meselelerine bagyşlanylan ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçiriler. Onda sebitde bu ugurda gazanylan ýokary netijeler barada pikir alşylar. Şeýle-de bu forum tejribe alyşmakda we raýatsyzlygy ýok etmekde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.

BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, soňky on ýylyň dowamynda Merkezi Aziýada raýatlygy bolmadyk adamlaryň sany 7 esse azaldy. Eger-de 2014-nji ýylda Merkezi Aziýada raýatlygy bolmadyk adamlaryň sany 252,2 müňe deň bolan bolsa, 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabryndaky ýagdaýa görä, sebitiň ýurtlarynda şeýle adamlaryň sany 34,2 müňe deňdir.

BMG-nyň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissary Filippo Grandiniň 6-njy noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Üçünji komitetine gowşuran hasabatynda bellenilmegine görä, Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy dünýäde raýatsyzlygy doly ýok etmegi başaran ilkinji döwletler boldy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistan soňky ýyllaryň dowamynda 32 müňden gowrak adamy raýatlyga kabul etdi.Olaryň aglaba bölegi bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlardyr.Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetine goşulan sebitdäki ilkinji ýurtdur. Şol bir wagtyň özünde-de, toplumlaýyn we yzygiderli durmuşa geçirilen işleriň netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistan halkara lider hökmünde Raýatsyzlyk baradaky konwensiýa gatnaşyjy döwletleriň arasynda ilkinji bolup raýatlygy bolmadyk adamlar bilen bagly ähli meseleleri oňyn çözmegi başardy. Şeýle-de Raýatsyzlygy ýok etmegi çaltlaşdyrmak boýunça Ählumumy bileleşige goşulan Merkezi Aziýadaky ilkinji ýurt boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ähliumumy birleşmä goşuldy
Raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky Aşgabat jarnamasy
Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi
Türkmenistana raýatsyzlygy aradan aýran ýurt hökmünde BMG tarapyndan degişli güwänama gowşuryldy
TÜRKMENISTANYŇ TÄZE RAÝATLARYNA PASPORTLAR GOWŞURYLDY
BMG: Türkmenistan we Gyrgyzystan raýatsyzlygy ýok eden ilkinji ýurtlar boldy