Filippinli erkek kişi 70 ýaşynda lukman boldy

Filippinli erkek kişi 70 ýaşynda lukman boldy

Filippinli Toh Hong-Keng 70 ýaşynda lukmanyň diplomyny aldy. Ol 65 ýaşynda satuwlar bölüminiň başlygy wezipesinden pensiýa çykdy diýip, South China Morning Post neşirine salgylanýan Mail.ru ýazýar.

Keng Filippinleriň Sebu şäherindäki PHINMA Günorta-günbatar uniwersitetini tamamlady. Ol Gyrgyzystanda syýahat edýärkä, Hindistandan gelen lukman talyplar bilen duşuşdy we lukman bolmak kararyna geldi. Kengiň lukman bolmak islegini maşgalasy, üç ogly we iki agtygy hem goldady.

Toh Hong-Keng lukmançylyk ugrundan okamak üçin ýokary okuw mekdeplerini köp gözledi, sebäbi nirä ýüz tutsa, oňa ýaş çäklendirmeleri päsgel berýärdi. Ahyry bütin Aziýa boýunça gözlegler netijesinde Kenge Filippinleriň Sebu şäherinde 2019-njy ýylda talyplyga kabul edilmek başartdy. Şol wagt ol 66 ýaşyndady.

Toh Hong-Keng hünäri boýunça işlemekçi däldigini gürrüň berýär, sebäbi munuň üçin oňa watany Malaýziýada goşmaça güwänama almak gerek. Ol lukmançylyk önümleriniň satuwlary bilen meşgullanmakçydygyny aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Ilkinji halasgär robot işe başlady
Hytaýly lotereýa petegine öz maşgalasynyň doglan günlerini ýazyp, 24 million ýuan utdy
Hytaýda ene-ata 37 ýyla çeken gözlegden soňra ogluny tapdy
Hytaýda 19 sany täze hünär resmi ykrar edildi
Ilon Mask Hytaýa bardy