Filippinlerde Prezident saýlawlary geçiriler

Şu ýylyň 9-njy maýynda Filippinlerde Prezident we wise-prezident saýlawlary geçiriler.Bu ses berişlik ýurtda 1935-nji ýyldan bäri 17-nji Prezident saýlawlary hem-de 16-njy wise-prezident saýlawlary bolar. Ýurduň habar beriş serişdelerinde Prezident saýlawlaryna alty dalaşgäriň gatnaşýandygy tassyklanýar.

Boksçy Manni Pakýaonyň hem bu syýasy çärä gatnaşýandygy habar berilýär. 42 ýaşly Pakýao ýurduň dolandyryjy “Filippinleriň Demokratik partiýasy Halkyň güýji” partiýasyna wekilçilik edýär.Boks boýunça öňki dünýä çempiony 2016-njy ýyldan bäri ýurduň parlamentinde senator bolup işleýär.

Häzirki Prezident Rodrigo Duterte diňe wise-prezidentlige dalaş edýär, sebäbi Filippinleriň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet ýolbaşçysy iki gezekden artyk prezidentlige dalaş edip bilmeýär.Menni Pakýao sekiz agram kategoriýasynda iň ýeňil agramdan başlap, orta agrama çenli dünýä çempiony bolan ilkinji we ýeke-täk boksçydyr.

Ol professional karýerasynda 72 gezek tutluşyp, 62 gezek ýeňiş gazandy. Şeýle-de, sekiz gezek asgyn gelip, iki gezek oýny deňme-deň tamamlady.

Ýurtda Prezidentiň we wise-prezidentiň saýlawlary aýratyn geçirilýär. Şeýlelik bilen, ýeňiji bolan iki dalaşgär dürli syýasy partiýalara degişli bolup biler.

Ilaty 109 milliondan agýan Filippinler Respublikasy Günorta-Gündogar Aziýanyň ada döwletidir. Ilat sany boýunça dünýäde on ikinji, territoriýasy boýunça 72-nji orny eýeleýär. Ýurduň paýtagty Manila bolup, Keston-Siti iň uly şäherleriniň biridir. Iňlis we filippin dilleri ýurduň resmi dilleri bolup durýar. Ýurt 81 welaýata bölünýär. Filippinler 1898-nji ýylyp 12-nji iýunynda Garaşsyzlygyna eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Ferdinand Markos Filippinleriň Prezidenti boldy
Pakýao ― Meýwezer tutluşygy dokuz ýyldan soň gaýtalanar
Taryhyň iň baý boksçylarynyň atlary mälim edildi
Boksçy Menni Pakýao Filippinleriň prezidentligine dalaş etmek kararyna geldi
Menni Pakýao Ugasdan ýeňlip, WBA wersiýasy boýunça dünýäniň superçempiony titulyny yzyna alyp bilmedi
Pakýao guşagyny gorady