Filippinleriň Harby-howa güýçleri, kenarýaka gorag toparlary we 30 sany ýangyn söndüriji topar ýangynyň bolan ýerine baryp, ony gözegçilik astyna aldylar.
Manilanyň Ýangyn söndüriji guramasynyň işgäri Alehandro Ramos, 2 müň maşgalanyň öýsüz galmagyna sebäp bolan ýangynyň irden başlandygyny we takmynan 1000 öýüň ýanyp kül bolandygyny habar berdi.
Ramos, aýlagdan öwüsýän güýçli şemalyň ýangynyň çalt ýaýramagyna sebäp bolandygyny belläp, dar köçeleriň hem ýangyny gözegçilik astyna almak işini kynlaşdyrandygyny aýtdy.
Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygyny anyklamak üçin derňew başladyldy.