Filippinlerde 5,7 bal ululygynda ýertitreme boldy

Filippinlerde 5,7 bal ululygynda ýertitreme boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi (USGS) ýer titremäniň güýç merkeziniň Balangiga şäheriniň 28 km günorta-günbatarydygyny habar berdi.

USGS tarapyndan berilen beýanata görä 5,7 bal ululygyndaky ýer titreme ýeriň 7,9 km aşagynda emele geldi.

Filippinleriň Wulkanologiýa we seýsmologiýa institutynyň Facebook hasabyndan berilen beýanatda bolsa ýerli wagt bilen sagat 18:16-da 5,8 bal ululygynda ýer titremäniň bolandygyny mälim etdi.

Beýanatda ýeriň 10 km aşagynda emele gelen ýer titremeden soň kiçiräk ýer yranmalaryň bolandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

22-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Filippinlerde 6,7 bal ululygynda ýer titreme boldy
Taýwandaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy
Filippinde Ýer Titredi
Hindistanda Ýer Titredi
Filippinde Ýer Titredi