Filippinlerdäki uçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy

Filippinlerdäki uçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy

Filippinleriň goşunynyň adyndan beýanat beren general Edgard Arewalo, uçar heläkçiliginde 49 adamyň halas bolandygyny, 47-si harby jemi 50 adamyň bolsa ýogalandygyny habar berdi.

Harby mekdepden täze uçurym bolan harbylary gullyk borçlaryny ýerine ýetirjek ýerine alyp gitmek maksady bilen ýola çykan harby uçaryň ýere gaçan ýerinde ýerleşýän obanyň 4 ýaşaýjysy hem wakada ýaralandy.

Düzüminde 3 uçarman, 5 ekipaž we 88 harby jemi 96 adamyň bolan C-130 kysymly harby uçar, düýn ýerli wagt bilen sagat 11:30-da Sulu welaýatynyň Žolo adasyna gonjak mahaly şol ýerdäki Patikul şäherçesiniň Bangkal obasyna gaçypdy.

Şaýatlaryň habar bermegine görä, uçaryň ýere gaçmadan ozal ençeme esger uçardan daşyna böküpdi.

Ýene degişli makalalar

Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Rigada geçiriljek Hokkeý boýunça Dünýä çempionatynyň medallary tanyşdyryldy
Gaýtadan ekranlaşdyryljak filmde Şwarsenegger surata düşmez
UEFA Çempionlar ligasy
Uly hasaply ýeňişler