FIFA ýylyň iň gowularyny yglan etdi: ýylyň iň gowy oýunçysy Lionell Messi

FIFA ýylyň iň gowularyny yglan etdi: ýylyň iň gowy oýunçysy Lionell Messi

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Fransiýanyň PSŽ klubynyň hüjümçisi Lionell Messi FIFA tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysyna gowşurylýan baýraga mynasyp boldy.Ol baýrak üçin bäsleşikde Kliýan Mbappeni we Karim Benzemany yzda galdyrdy.

Messä bu baýragy FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino gowşurdy. Şeýlelikde, ol karýerasynda ikinji gezek FIFA tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edilip, bu ugurda Robert Lewandowski we Kriştianu Ronaldu bilen deňleşdi.

FIFA iň gowy oýunça gowşurylan baýrakdan başga-da birnäçe ugurlar boýunça ýylyň iň gowularynyň adyny mälim etdi. Has takygy, Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan Lionel Skaloni Iň gowy tälimçi, şol ýygyndynyň derwezeçisi Emiliano Martinez bolsa iň gowy derwezeçi hökmünde ykrar edildi.

Aýallaryň arasynda ýylyň iň gowy oýunçysyna niýetlenen baýragy Aleksiýa Putelýasa (Barselona, Ispaniýa) nesip etdi.

Iň owadan gol üçin niýetlenen Puşkaş baýragyna bolsa, Olekseý Marçin (mümkinçiligi çäkli futbolçy) tarapyndan urlan gol laýyk görüldi.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Bellingam bar bolsa…
FIFA, The Best ― 2020: Son Hyn Min ― Puşkaş baýragynyň eýesi
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlady
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar