FIFA, The Best ― 2020: Manuel Noýer ― ýylyň iň gowy derwezeçisi

FIFA, The Best ― 2020: Manuel Noýer ― ýylyň iň gowy derwezeçisi

Pandemiýa sebäpli onlaýn geçirilen FIFA-nyň iň gowulary bäsleşiginde Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň Bawariýa futbol toparynyň derwezeçisi Manuel Noýer Ýylyň iň gowy derwezeçisi diýlip yglan edildi.

Ol bu ýaryşa Liwerpuldan Alisson Beker we Madridiň Atletikosyndan Ýan Oblak bilen girişdi.

Manuel Noýer şu ýyl topary bilen Bundesliganyň çempiony boldy, Germaniýanyň kubogyny we Naýbaşy kubogyny gazandy, Ýewropanyň Çempionlar ligasynda we Naýbaşy kubogynda ýeňşe ýetdi.

Bu baýraga bäşinji gezek mynasyp bolýan Noýer mundan ozal 2013-nji, 2014-nji, 2015-nji we 2016-njy ýyllarda FIFA tarapyndan Ýylyň iň gowy derwezeçisi diýlip yglan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar
Manuel Noýer FIFA boýunça 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip yglan edildi
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi