FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy bilen duşuşdy

FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy bilen duşuşdy

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino çarşenbe güni Kataryň paýtagty Dohada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow bilen duşuşdy. Bu barada Janni Infantino “Instagram” sahypasynda mälim etdi.

Duşuşykda Infantino Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýurtda sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça geçirýän işlerine ýokary baha berdi.

“Biz geljekki ösüş taslamalary barada gürrüň etdik, şeýle-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Öwekowyň we onuň toparynyň Türkmenistanda futboly mundan beýläk-de ösdürmek boýunça meýilnamalaryna FIFA-nyň nähili goldaw berip biljekdigi barada maslahat etdik” diýip, Janni Infantino aýtdy.

Guwançmuhammet Öwekow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine şu ýylyň 4-nji noýabrynda saýlandy.

Guwançmuhammet Öwekow türkmen futbolynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzlarynyň biridir. 43 ýaşly ozalky futbolçy professional karýerasyna heniz 20 hem ýaşamanka, Aşgabadyň “Nisa” toparynda gadam goýdy. Birnäçe ýyllap, dürli döwletleriň futbol toparlarynda çykyş etdi. 2011-nji we 2012-nji ýyllarda “Balkan” (häzirki “Nebitçi”) toparynyň üstünlikleri üçin göreşdi. Guwançmuhammet Öwekow Türkmenistanyň milli ýygyndysynda hem birnäçe ýyllap çykyş etdi.

Guwançmuhammet Öwekow 2014-nji ýylda oýunçy hem tälimçi hökmünde “Ahala” geldi. Şondan soň ol bu toparyň baş tälimçisi we ýolbaşçysy wezipelerinde işledi. Türkmenistanyň bassyr iki gezek çempiony “ARKADAG” toparynyň şowly çykyş etmeginde ýolbaşçy wezipesinde goşandy uludyr diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi websaýtynda belleýär.

Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Janni Infantino geçen ýylyň maý aýynda Aşgabada sapar edip, Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşyk geçiripdi. Şonda Döwlet Baştutanymyz FIFA-nyň tutuş dünýäde hem-de ýurdumyzda futboly mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başlangyçlaryny we tekliplerini goldamaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim edipdi.

Aşgabada eden saparynda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino ak mermerli Aşgabatda gurlan dünýä derejesindäki stadiona gelip görmegiň özi üçin garaşylmadyk sowgat bolandygyny belläpdi.

Geçen hepde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow bilen TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýew “Wilýareal” (Ispaniýa Patyşalygy) futbol klubunyň akademiýasynyň wekilleri bilen onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyga hem gatnaşdylar. Şonda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowamynda çagalar hem-de ýaşlar futboluny ösdürmekde, tälimçilik okuwy babatynda tejribe alyşmakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada deslapky ylalaşyga gelindi.

Ýene degişli makalalar

19-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Infantino sowgat berlen türkmen halysyndan galan täsiri bilen paýlaşdy we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy bilen duşuşdy
FIFA-nyň prezidenti Öwekowy TFF-nyň başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
7-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
6-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
11-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti