
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini mälim etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze sanawda 2 basgançak aşaklap, 140-njy orny eýeledi.
FIFA-nyň reýtingi soňky gezek iýun aýynda täzelenip, Türkmenistan şol sanawda 138-nji basgançaga ornaşypdy. Şondan bäri türkmen futbolçylary iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, Indoneziýadan asgyn geldiler (0:2) hem-de Bahreýn bilen deň (1:1) oýnadylar.
FIFA-nyň täzelenen reýtinginiň top-5-ligi aşakdaky görnüşe eýe:
Ýeri gelende bellesek, sanawda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gowy görkeziji Özbegistanyň ýygyndysyna degişli — 75-nji orun. Şeýle-de, reýtingde Gyrgyzystan 96-njy, Gazagystan 100-nji hem-de Täjigistan 110-njy orny eýeläpdir.
FIFA-nyň reýtinginde AFK-nyň top-5 ýygyndysy:
Türkmenstanyň milli ýygyndysynyň DÇ-2026-nyň saýlamasynyň E toparçasynda Eýran, Özbegistan hem-de Gonkong — Butan jübütiniň ýeňijisi bilen güýç synanyşjakdygyny ýatladýarys.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy DÇ-2026-nyň saýlamasynyň çägindäki ilkinji oýnuny 16-njy noýabrda geçirip, şol gün Aşgabatda Özbegistany kabul eder.