FIFA Dünýä Kubogy 2026-nyň logotipi görkezildi

Ýene-de 3 ýyldan 3 ýurt Kanada, Meksika we ABŞ tarapyndan bilelikde guraljak nobatdaky FIFA Dünýä Kubogynyň logotipi (nyşany) mälim edildi. Şol mynasybetli ABŞ-nyň Los Anjeles şäherinde geçirilen dabarada logotipi FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen braziliýaly meşhur futbolçy Luiz Ronaldo Nazario bilelikde mälim etdi.

Dabarada Infantino: “Bu 3 ýurduň we uly yklymyň häzire çenli iň uly hem-de ýaýrawly Dünýä Kubogyny guramagy üçin jemlenýäris” diýip, beýanat berdi.

2026-njy ýylda Kanada, Meksika we ABŞ-da geçiriljek 23-nji Dünýä Kubogyna 48 ýygyndy gatnaşar. Ýygyndylar 4 toparly 12 toparça paýlanar.Her toparçada 1-2-nji ýeri eýelänler hem-de 3-nji orny eýelänleriň iň gowy 8-si ýaryşy dowam eder. 39 günläp dowam etjek çempionatda 104 duşuşyk geçiriler. Ýaryşyň çempionyny belli etjek finalyň 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda geçirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2023-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginiň 141-nji basgançagynda tamamlady
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler
Kristiano Ronaldonyň täze kluby belli boldy
Sisiniň Ankara Sapary
Türki dilli döwletleriň futbol turniri döredilip bilner
FIFA 2030-njy ýyldaky Dünýä Kubogyny 3 yklymda, 6 ýurtda geçirer