Fidan ÝB-ni we NATO-ny Tankyt Etdi

Fidan ÝB-ni we NATO-ny Tankyt Etdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan ÝB-niň Türkiýäniň hyzmatdaş däl, eýsem bäsdeş hökmünde görmeginiň we NATO-nuň käbir ýaranlarynyň Türkiýäniň howpsuzlyk meselelerini göz öňünde tutmazlygynyň Türkiýäni alternatiw strategiýalary işläp düzmäge gönükdirýändigini aýtdy.

Fidan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda ministrligiň 2024-nji ýyldaky býujeti boýunça çykyş etdi.

Ministr Fidan Türkiýäniň daşary syýasatda halkara gün tertibini kesgitleýän we möhüm sebitlere täsirini ýetirýän güýje öwrülendigini beýan etdi.

Türkiýäniň ahlaky gymmatlyklara laýyk gelýän hakykata laýyk we netijeli daşary syýasat alyp barmagynyň hemişekisinden hasam möhümdigini aýdan Hakan Fidan; “Gazadaky zuluma garşy durmagymyzyň sebäbi hem şondan ybarat. Gymmaty näçe bolsa bolsun, dogra “dogry”, ýalňyşa “ýalňyş” diýmekden asla çekinmeris. Palestinaly doganlarymyzyň ýanynda durduk, ol gelejekde-de şeýle bolmagynda galar” diýdi.

Siriýanyň territorial bitewiligine we syýasy jebisligine sarpa goýýandyklaryny nygtan Fidan, PKK/ÝPG-niň başda durmagynda terror guramalaryna garşy göreşiň dowam etjekdigini belläp geçdi.

Ministr Fidan Liwiýada ýurduň bitewiligini we jebisligini goramagyň, ýurduň çaknyşyklara sezewar edilmeginiň öňüni almagyň özleri üçin ileri tutulýan ugurlardan biridigini beýan etdi.

NATO-nuň syýasatlary hakynda-da durup geçen Fidan; “NATO-nuň käbir ýaranlarynyň soňky ýyllarda alyp barýan syýasatlaryna ser salanymyzda Siriýada PKK/ÝPG-ä berilýän goldaw we Türkiýä goranyş senagatynda goýulan sanksiýalar gapma garşylyk emele getirýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaaça mazmuny
Milli Goranmak ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi
Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär