Fidan we Baýramow umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Fidan we Baýramow umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Daşary işler ministri Hakan Fidan Azerbajanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşygyndan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Hakan Fidan Türkiyäniň we Azerbaýjanyň umumy taryh, medeniýet, dil we şahsyýet esasynda beýgelýän we dünýäde başga ýerde nusgasy bolmadyk doganlyk gatnaşyklaryna eýedigini belläp: "Ýurtlaryň ikisem hemişe bir millet iki döwlet düşünjesi bilen hereket etdi.

Birek-biregiň şatlyklaryny we hasratyny paýlaşdylar.Mundan soňam hem erbet günde hem-de gowy günde bilelikde hereket etmäge dowam eder.Bu düşünjeleriň esasynda Garabagda 30 ýyldan gowrak wagt dowam eden bikanun basyp alyşlyk zamanynda Türkiye egsilmez görnüşde doganlyk Azerbaýjanyň ýanynda durdy.

Mundan soň hem egsilmez görnüşde durmaga dowam eder" diýip habar berdi.

Myhman ministr bile geçiren duşuşygynda esasan hem Ysraýylyň Gaza garşy dowam etdirýän hüjümlerini we tutuş dünýäniň öňünde dowam edýän rehimsiz gyrgynçylygyny ele alandyklaryny aýdan Hakan Fidan: "Öňümizdäki döwürde iki ýurt üçin, iki dostlukly we doganlyk ýurt üçin ýakyndan iş salyşmaga dowam etjekdigimize ynanýaryn. Türkiye-Azerbaýjan doganlygy sebitleýin parahatçylyga we asudalyga goşant goşmaga dowam eder" diýip beýan etdi.

Azerbajanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem öz gezeginde: "Azerbaýjan bilen Türkiyäniň çemeleşmesi meňzeşdir. Bu ikitaraplaýyn goldaw, strategik şäriklik we ýaranlyk gatnaşyklarydyr. Şolar ýaly hem dowam eder" diýip belledi.

Baýramow: "Ýurtlarymyzyň syýasatlary sebite parahatçylyk, asudalyk we durnuklylyk getirer" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Baýramow Resmi Sapar Bilen Ankara Geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Türkiyäniň daşary işler ministri Iordaniýada geçiriljek Gaza temaly maslahata gatnaşar