Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä duşyşykda özara we sebitleýin mesleler seljerildi, Türkiýe üçin möhüm bolup durýan ykdysady meseleler gün-tertibine getirildi.
Ministrler Gazadaky soňky ýagdaýy seljerdiler.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannama görä hem Ýakyn Gündogardaky we Günorta Kawkazdaky ýagdaý bilen bilelikde halkara gün-tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda durup geçen Lawrow, Fidana Russiýanyň BRIKS-de ileri tutýan ugurlary boýunça maglumat berdi.
Duşuşykda Fidana Ukraina meselesi bilen bagly ýüze çykan ýagdaý hakynda Russiýanyň esasy garaýyşlary beýan edildi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan Nowgorod şäherinde Kubanyň Daşary işler ministri Bruno Rodrigez Parrilla bilen hem duşuşdy.
Bu barada ministrligiň X sosial media hasabyndan berilen habarnamada; “Ministrimiz Hakan Fidan BRİKS+ duşuşygynyň çäginde Nižnyý Nowgorodda Kubanyň Daşary işler ministri Bruno Rodrigez Parrilla bilen duşuşdy” diýilýär.
Diplomatik çeşmeleriň mälim etmegine görä duşuşykda syýasy we ykdysady gatnaşyklary hem seljerildi.