
Ministr Fidan iş saparynyň çäginde paýtagt Nikosiýada DKTR-nyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly bilen duşuşdy.
2 gün dowam etjek iş saparynyň çäginde Kipr meselesi boýunça soňky meselelere garalar, özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşylar.
Ministr Fidan geljekki aýlarda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň guramagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahat hakynda degişli resmiler bilen gepleşik geçirer.
Şweýsariýada BMG-niň Baş sekretarynyň hemaýatynda geçiriljek maslahata adadaky liderler, Türkiýäniň we Gresiýanyň resmileri bilen aşakky derejede wekilçilik ediljek üçünji hemaýatkär ýurt bolan Britaniýanyň resmileri gatnaşar.