Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Gaza meselesinde ylalaşygyň iň gysga wagtda üpjün edilip bilinmegi üçin edilip bilinjek ädimleri ara alyp maslahatlaşdy.
Daşary işler ministri Hakan Fidan G20-ä agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin giden Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde ABŞ-ly kärdeşi Entoni Blinken bilen duşuşyk geçirdi.
Geçirilen duşuşykda Gaza meselesinde ylalaşygyň iň gysga wagtda üpjün edilip bilinmegi üçin edilip bilinjek ädimler maslahatlaşyldy.
Russiýa-Ukraina uruşy, NATO-nyň giňelmek tapgyry, Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk tapgyry we beýleki sebitleýin meseleleriň ele alynan duşuşykda, mundan soňky tapgyrda guraljak ýokary derejeli saparlaryň senenamasy ele alyndy.