Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ministr Fidan telefon söhbetdeşliginde Gazanyň demirgazygynda asuda ilatyň ýagdaýynyň gün saýyn agyrlaşýandygyna ünsi çekip, Gaza yzygiderli ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginiň möhümdigini belledi.
Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkene Ysraýylyň Gaza we Liwana guraýan hüjümleriniň gyssagly bes edilmeginiň gerekdigini aýtdy.
Hakan Fidan bilen Entoni Blinken Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, 23-nji oktýabrda paýtagt Ankarada Türk Awiasiýa we kosmos senagaty firmasy TUSAŞ-a guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli Hakan Fidana gynanç bildirdi.