Fidan Amerikan Kongresine Reaksiýa Bildirdi

Fidan Amerikan Kongresine Reaksiýa Bildirdi

Fidan: “Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahuny ör turup, çapalak çalyp, alkyşlanlar taryha ganhor jenaýatkäriň ýaranlary hökmünde geçip, ahlaky gymmatlyklaryň dolulygyna ortadan aýrylan şertlerine bütin adamzat şaýatlyk etdi” diýip ýazdy.

Fidan habarnamasynda Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 40 müňe golaýlandygyny we millionlarça palestinalynyň öýlerinden jyda düşendigini, göçmäge mejbur bolandygyny beýan etdi.

Netanýahunyň başda durmagynda bu pajyganyň sebäpkäri bolan ysraýylly resmileriň haçan bolsa bir gün adalatyň öňünde hökmany hasabat berjekdigine ynanýandygyny nygtan Fidan; “Netanýahuny ör tutup, el çarpyp alkyşlanlar taryha ganhor jenaýatçynyň ýaranlary hökmünde geçip, ahlaky gymmatlyklaryň dolulygyna ortadan aýrylan şertlerine bütin adamzat şaýatlyk etdi. Şowhun-şagalaňdan däl, mamlalygyndan güýç alýanlar adalatyň ýerine düşjek gününe sabyrlylyk bilen garaşýanlar elbetde üstün çykarlar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Ysraýylyň Daşary Işler Ministrine Reaksiýa Bildirdi
Erdogan Ysraýyla Berk Reaksiýa Bildirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Netanýahu: "Ysraýyl ABŞ-nyň iň güýçli ýarany" diýdi
Netanýahu Amerikan kongresinde Gazada "hiç bir asuda ilatyň öldürilmändigini" öňe sürdi
Ysraýylyň Wekiliýeti Müsüre Bardy