
Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Gülen ABŞ-na aradan çykdy.
Türkiýeden ABŞ-na gaçyp giden FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň aradan çykandygy hakyndaky habarlar terror guramasyna ýakyn töwerekler we ýegeni tarapyndan tassyklandy.
Terrorçynyň 20-njy oktýabr gijesi aradan çykandygy nygtaldy.
FETÖ-niň ýolbaşçysy Gülen 1999-njy ýylda Türkiýeden ABŞ-na gaçyp gidipdi.
Terrorçy Gülen 2015-nji ýyldan bäri Içeri işler ministrligi tarapyndan gözlenýän terrorçylaryň sanawynda gyzyl kategoriýada ýer alýardy.
Türkiýe 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyndan soň terrorçy Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na 7 gezek ýüz tutupdy.