Ferstappen ikinji gezek dünýä çempiony boldy

Ferstappen ikinji gezek dünýä çempiony boldy

Biraz wagt mundan ozal Suzuki trassasynda geçirilen Formula-1 boýunça Ýaponiýanyň Gran-prisi tamamlandy.Belli bir sebäplere görä, ýaryş başlanandan soňra iki sagatdan gowrak arakesme berlen, Ýaponiýanyň Gran-prisinde Red Bull toparynyň sürüjisi Maks Ferstappen ýeňiş gazandy. Şol uzaga çeken arakesme sebäpli, ýaryş meýilleşdirilişi ýaly 53 aýlawdan däl-de, 30 aýlawdan ybarat boldy. Şeýle-de bellinlmeli zatlaryň ýene biri pellehanany ikinji bolup kespi geçen Şarl Lekler (Ferrari) Serhio Peresiň (Red Bull) ýoluna böwet bolandygy üçin 5 sekunt jerimä çekildi we umumy jedwelde üçünji orna düşürildi. Ýaryşyň ilkinji bäşligi bolsa aşakdaky görnüşe eýe:

1. Maks Ferstappen (Red Bull) — 30 aýlaw;

2. Serhio Peres (Red Bull) — +27,066;

3. Şarl Lekler (Ferrari) — +31,763;

4. Esteban Okon (Alpin) — +39,685;

5. Lýuis Hemilton (Mersedes) — +40,326.

Şeýlelikde, niderlandly sürüji Maks Ferstappen Ýaponiýanyň Gran-prisindäki ýeňşi arkaly möwsümiň çempionlygyny wagtyndan özüniňki etmegi başardy. Bu üstünlik Red Bull toparynyň piloty üçin karýerasyndaky ikinji dünýä çempionlygydyr.

Ýene degişli makalalar

Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş
Ferstappen möwsümi ýeňiş bilen tamamlady