“Ferrariniň” sürüjisi Lekler Azerbaýjanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy

“Ferrariniň” sürüjisi Lekler Azerbaýjanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy

“Ferrari” toparynyň sürüjisi Şarl Lekler “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň altynjy tapgyry bolan Azerbaýjanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy. Bu barada TASS habar berýär.

Ikinji orny “Mersedesden” britaniýaly Lýuis Hemilton (yza galyş - 0,232 sekunt), üçünji orny “Red Bulldan” niderlandly Maks Werstappen (+0,345) eýeledi.

Saýlama tapgyry Ýuki Sunodyň (“Alfa Tauri”) we Karlos Saýnsyň (“Ferrari”) heläkçilige uçramagy sebäpli, möhletinden ir tamamlandy. Mundan öň Lens Strollyň (“Aston Martin”), Antonio Jowinassiniň (“Alfa Romeo”) we Daniel Rikkardonyň (“Maklaren”) heläkçilige uçramagy sebäpli, ýaryşlar gyzyl baýdak bilen üç gezek saklandy.

“Haasdan” russiýaly Nikita Mazepin 18-nji boldy. Onuň topar boýunça ýoldaşy nemes Mik Şumaher 17-nji orny eýeledi.

Ýaryş ýekşenbe güni geçirilip, Aşgabat wagty boýunça 18:00-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

F1-iň täze möwsümi başlaýar
Independent Formula-1-da iň ýokary aýlykly sürüjileri mälim etdi
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Formula-1-iň şu möwsümde iň köp jerime alan sürüjisi belli boldy
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy