“Ferrariden” goşa üstünlik

Formula 1 boýunça möwsümiň 11-nji ýaryşy Wengriýada geçirildi. Ýurduň paýtagty Budapeştdäki “Hungaroring” trassasynda geçirilen 70 aýlawlyk bäsleşige “Ferrari” toparynyň sürüjileri Sebastian Wettel hem-de Kimi Raikkonen 12-nji hatardan bat aldy.

Eýýäm ilkinji aýlawyň 3-nji öwrüminde kiçeňräk çaknyşyk ýüze çykyp, howpsuzlyk ulagy trassa girmeli bolýar. 35-nji aýlawda “Red Bulluň” gollandiýaly piloty Maks Werstappen 1-nji orna geçýär. Ýöne ol 42-nji aýlawda pit-stopdan soň, ornuny Wettele aldyrýar.

Germaniýaly sürüji hem ýaryşyň soňuna çenli öňdeligini saklaýar we 70 aýlawy 1 sagat 39 minut 46,713 sekuntda tamamlaýar.Bu onuň şu möwsümdäki 4-nji, karýerasyndaky 46-njy ýeňşi bolýar.

Wettelden 0,9 sekunt soň pellehanadan geçen topardaşy, finlýandiýaly Kimi Raikkonen 2-nji ýeri eýeleýär.Soňky metrlerde topardaşy Hamiltondan öňe saýlanan finlýandiýaly Waltteri Bottas (“Mersedes”) pellehanadan 3-nji bolup geçmegi başardy.

Hamilton bolsa 4-nji ýer bilen oňňut etmeli bolýar.Maks Werstappeniň 5-nji bolan ýaryşynda “MakLarenden” ispaniýaly Fernando Alonso 6-njy, “Toro Rossodan” başga bir ispaniýaly sürüji Karlos Saýns 7-nji, “Fors Indianyň” pilotlary meksikaly Serhio Perez 8-nji, fransiýaly Esteban Okon 9-njy hem-de “MakLarenden” Stoffel Wandorn 10-njy orny eýeleýär.Şeýlelikde, geçirilen 11 ýaryşdan soň, 1-nji orundaky Sebastian Wettel utugyny 202-ä çykardy.

Ondan 14 utuk yzda barýan 188 utukly Lewis Hamilton 2-nji, onuň topardaşy Waltteri Bottas 3-nji hatarda barýar. “Red Bulluň” awstraliýaly sürüjisi Daniel Rikkiardonyň 117, “Ferrariden” Kimi Rakkoneniň 116 utugy bar.

Formula 1 boýunça möwsümiň 12-nji ýaryşy ýene-de 1 aýa golaý wagtdan soň, has takygy, 27-nji awgustda Belgiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

F1-iň täze möwsümi başlaýar
Singapurda Werstappen däl-de, Perez ýeňiş gazandy
Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?!
Çempion ýeňşi ýatlady
Formula 1-iň 70-nji möwsümi
Şanhaýda garaşylmadyk ýeňiji