Ýokary tizlikli sport ulaglaryny öndürmegi bilen tanalýan “Ferrari” dört gapyly ilkinji SUV ulagyny tanyşdyrdy. “Arassa ganly” diýmegi aňladýan “Purosangue” diýlip at berlen ulag “Aston Martin DBX”, “Lamborghini Urus”, “Bentley Bentayga” we “Rolls Royce Cullinan” ýaly ulaglar bilen bäsleşer.
2023-nji ýylda satuwa çykaryljak ulagyň yzky gapylary yzlygyna açylýar. 79 dereje açylýan bu gapylar ýolagçylaryň aňsatlyk bilen münüp-düşmegine mümkinçilik döredýär.Içki dizaýnynda ýolagçylaryň rahatlygy göz öňünde tutlypdyr.
Kapotynyň aşagynda 725 at güýjüne barabar hereketlendirijisi bolan ulagyň göwrümi 6,5 litrlik V12 hereketlendirijisi bar.Ulag 0-da100 km/sagat tizlige 3,3 sekuntda ýetýär. Ýokary tizlikde 310 km/sagat bolan 200 km/sagat tizlige çenli dört tigri hem aýlanýar, soňra bolsa, diňe yzky tigirleriniň aýlanmagy bilen ýoluny dowam etdirýär.
Aýgül Begenjowa,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby