Fernandesiň yzly-yzyna 7-nji çempionlygy

Belarusyň paýtagty Minskde geçirilen figuralaýyn typmak boýunça Ýewropa çempionatynda erkekleriň arasynda ýene-de ispaniýaly Hawier Fernandese taý tapylmady.Umumylykda, 271,59 utuk toplan meşhur türgen bassyr 7-nji gezek Ýewropanyň çempiony bolmagy başardy.

Russiýaly Aleksander Samarin 2-nji, italiýaly Matteo Rizzo 3-nji ýeri eýeledi.Zenanlaryň arasynda 12-nji ýerleri soňky 5 ýylda bolşy ýaly, russiýaly türgenler paýlaşdylar.Erkin typmakda artykmaçlyk görkezen Sofiýa Samuradowa altyn, geçen ýylyň çempiony Alina Zagitowa kümüş, finlýandiýaly Wiweka Lindfors bürünç medala mynasyp boldy.

Jübütleriň ýaryşynda fransiýaly Wanessa Jeýms bilen Morgan Sipres ikisi ýeňiş gazandy.Mundan öňki 2 ýylyň çempionlary, russiýaly Ýewgeniýa Tarasowa hem-de Wladimir Morozow bu sapar kümüş medal bilen oňňut etmeli boldular.

Russiýaly Aleksandra Boýkowa bilen Dmitriý Kozlwoskiý münberiň 3-nji basgançagyna çykdylar.Buzda tans ýaryşynda-da soňky 4 ýylyň ýeňijileri — fransiýaly Gabriella Papadakis bilen Giýom Sizeron 5-nji altyn medallaryny boýunlaryna dakdylar.

Iki gezek bürünç medal gazanan russiýaly Aleksandra Stepanowa bilen Iwan Bukin 2-nji, italiýaly Şarlen Giniýar bilenem Marko Fabbri 3-nji orna mynasyp boldular. Çempionat öňümizdäki ýyl Awstriýanyň Gras şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly türgenleriň üstünligi
Russiýaly türgenler öňe saýlandy
Happy Childhood
Türkmen wekiliýeti Brýusselde birnäçe duşuşyk geçirdi
Aýazbabanyň çyndanam bardygyny görkezýän 5 sany subutnama
“... Beýik dagyň etegindäki uly saýaly baglar“