Ferdinand Markos Filippinleriň Prezidenti boldy

9-njy maýda Filippinlerde geçirilen Prezident saýlawlarynda 64 ýaşly Ferdinand Markos 58,92% ses alyp, ýeňiş gazandy. Filippinleriň Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, 1978-1981-nji ýyllarda ýurda ýolbaşçylyk eden öňki Prezident Ferdinand Markosyň ady bir ogly 58,92% sese eýe bolup, saýlawlarda ýeňiş gazandy.

Markosyň esasy garşydaşy Leni Robredo sesleriň 28,11 göterimine eýe boldy. Markos özüniň iň ýakyn bäsdeşi Leni Robredodan öňe saýlanyp, saýlawda sesleriň köpüsi bilen ýeňiş gazandy.

Beýleki dalaşgärleriň arasynda öňki boks ýyldyzy Menni Pakýao 6,58%, Manilanyň häkimi Isko Moreno 3,61% we Milli polisiýanyň ozalky başlygy Panfilo Lakson 1,7% ses aldy.

Markos saýlaw kampaniýasynyň 6 aýynda özüni goldanlara minnetdarlyk bildirdi. Saýlawyň netijeleri resmi taýdan tassyklanandan soň, Markos häzirki Prezident Rodrigo Duterteniň ornuna geçer.

Ýene degişli makalalar

Filippinlerde Prezident saýlawlary geçiriler
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Erkin söwda gepleşiklerine täzeden başlaýar
Pakýao ― Meýwezer tutluşygy dokuz ýyldan soň gaýtalanar
Horn Pakýaodan üstün çykdy
Pakýaonyň 60-njy ýeňşi