Sportuň Oskary diýlip görkezilýän “Laureus” Dünýä sport baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri Monakoda geçirilen dabarada mälim edildi. 2000-nji ýyldan bäri “Laureus” sport akademiýasy tarapyndan berilýän bu abraýly sylaglarda ýylyň erkek türgeni diýlip, şweýsariýaly Rojer Federer saýlandy. 36 ýaşyndaky ussat tennisçi ýylyň gaýdyp gelşi sylagyna-da mynasyp boldy. Şeýlelikde, Federeriň “Laureus” baýraklarynyň sany 6-a ýetip, ol bu babatda öňde barýar.
Ol 20052008-nji ýyllar aralygynda-da 4 gezek ýylyň erkek türgeni diýlip saýlanypdy.Amerikaly tennisçi Serena Williams bolsa, 4-nji sapar ýylyň zenan türgeni baýragyny eýeledi. Ýylyň topary diýlip, “Mercedes” F1 topary saýlandy.
Ispaniýaly golfçy Serjio Garsiýa ýylyň ösüş görkezen türgeni, şweýsariýaly ýeňil atletikaçy Marsel Hug ýylyň paralimpiýa türgeni, fransiýaly ýahtaçy Armel Le Kleaş ýylyň hereketli sportlar türgeni diýlip, yglan edildi.Ozalky ýyllarda Pele, Ýohan Kroýff, Zinedin Zidan, Niki Lauda, Sergeý Bubka ýaly dünýä sportunyň öňdebaryjy şahsyýetleriniň alan “Ömürboýy başarnyk” baýragy bu ýyl amerikaly, öňki ýeňil atletikaçy Edwin Mozese berildi. 3-nji gezek gowşurylýan adatdan daşary üstünlik sylagyna-da geçen ýyl futboly taşlan rowaýaty oýunçy, italiýaly Françesko Totti laýyk görüldi.