24-nji sentýabra geçilýän gije Leýweriň Kubogy ýaryşynyň çäklerinde Londondaky "O2-Arena" stadionynyň merkezi kortunda jübüt bolup oýnamaly tennis duşuşygy geçirildi. Ýewropanyň milli ýygyndysy hökmünde çykyş edýän şweýsariýaly Rojer Federer bilen ispaniýaly Rafael Nadal 6:4, 6:7 (2:7), 9:11 hasabynda amerikalylar Frensis Tiafo bilen Jek Sokdan utuldy.
Bu oýun meşhur şweýsariýaly tennisçi Rojer Federeriň karýerasynda iň soňky boldy. "Uly tuwulga" ýaryşlarynyň 20 gezek ýeňijisi 23-nji sentýabrdan 25-nji sentýabr aralygynda Londonda geçirilýän Leýweriň Kubogyndan soň karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.
Oýun tamamlanandan soň Federer gözýaşyny saklap bilmedi. Ol hoşlaşyk dabarasynda-da duýgularyna erk etmekden ejiz geldi. Onuň kort boýunça ýoldaşy Rafael Nadal hem gözüni ýaşlady.
Dünýä ýygyndysy birinji oýun gününiň netijesinde ýewropalylar bilen gapma-garşylykda hasaby deňledi - 2:2. Ýewropanyň toparynda gresiýaly Stefanos Sisipas we norwegiýaly Kasper Ruud ýeňiş gazandy, dünýä toparynda bolsa Tiafo bilen Sokdan başga-da, awstraliýaly Aleks de Minor umumy hasaba bal goşdy.