Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Fatih gämisiniň Garadeňizde Sakarýa gaz giňişliginde üçünji burawlaýyş işlerine başlandygyny habar bedi.
Dönmez, Twitterden beren habarnamasynda, gäminiň deňiziň 5 müň metr aşagynda 2,5 aýyň dowamynda buşlukly habar üçin burawlaýyş işlerini dowam etdirjekdigini nygtady.
Dönmez “Fatih, Sakarýa gaz giňişliginde Garadeňizde Karasu-1 guýusynda üçünji burlawlaýyş işlerine başlady. Halkymyzyň edýän doga-dilegleri biziň esasy yhlam çeşmämiz” diýdi.
Fatih burawlaýyş gämisi 2020-njy ýylyň 21-nji awgustynda Sakarýa gaz giňişliginde Tuna-1 guýusynda 320 milliard metr kublyk gaz tapypdy.
2020-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Tunu-1 guýusynda tapylan gazyň mukdary 85 milliard metr kub artyp 405 milliard metr kuba ýetipdi.
Şeýlelikde Amasra-1 guýusyndaky 135 milliard metr kublyk gaz bilen Türkiýäniň ätiýajy 540 milliard metr kuba ýetipdi.