FAO-nyň bilermeniniň gatnaşmagynda zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşiň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy

BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) çekirtgelere garşy göreş boýunça bilermeni Aleksandr Laçininskiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginde hem-de Çöller, ösümliker we haýwanat dünýäsi milli institutynda (ÇÖHDMI) oba hojalyk ekinlerini hem-de tebigy ösümlik gorlaryny zyýan beriji mör-möjeklerden goramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Edarasy Rimde ýerleşýän FAO-nyň uly hünärmeni köpýurtlyk taslamalaryň ikisi bilen tanyşdyrdy, häzirki tapgyrda Türkmenistan hem oňa goşulyp bilerdi.Taslamalaryň Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Owganystana niýetlenen biri bäş ýyla niýetlenen, ikinjisi bir ýyllygy—biziň sebitimizden başga-da Kawkaz ýurtlaryny (Russiýany, Gruziýany, Ermenistany we Azerbaýjany) öz içine alýar.

“Çekirtge serhetlerden aşýan zyýan beriji mör-möjekdir.Olaryň deňizden aşyp, has alys ýerlere baran ýagdaýlary hem hasaba alyndy.Häzirki wagtda, gynansagam, çekirtgeleriň çozuşyna garşy göreşiň himiki usuly esasy serişdedir.

FAO-da şeýle serişdeleriň ýygy-ýygydan ulanylmagynyň howpludygyna gowy düşünilýär we netijeli hem-de adam saglygy we daşky gurşaw üçin howpsuz alternatiwalar gözlenilýär.Taslamany “Ýaponiýa—Merkezi Aziýa hem-de Owganystan gatnaşyklary” maksatnamasy goldaýar we dürli ýurtlaryň çekirtgä garşy göreş çärelerini hereketleriň oýlanşykly strategiýasy bolan bitewi ulgama birleşdirer” - bilermen aýtdy.

Doktor A.Laçininskiniň aýtmagyna görä, taslama ekologiýa taýdan howpsuz biologik serişdäniň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.Gürrüň patogen mikroorganizmler göni ganatlylary parazitirleýän kömelekler barada gidýär.Bioderman ýag esasly sporalaryň suspenziýasy bolup, ol şeýle zyýan beriji mör-möjelkeriň üýşen ýerlerine pürkülýär.

Patogen kömelekler janly tebigatyň beýleki jandarlary üçin howpsuzdyr.Ol Awstraliýada, Indoneziýada we Madagaskarda giňden ulanylýar. Ýaňy-ýakynda bu derman Gazagystanda we Özbegistanda hasaba alyndy, şol ýerlerde geçirilen synaglar oňyn netije berdi.

Taslamada täze dermany ulanmagyň usullaryny öwretmek, maslahatlar goldawy göz öňünde tutulandyr.Geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen serhetleşýän ýerlerde zyýan beriji mör-möjegiň ýaýramagyna gözegçilik we onuň öňüni almak meselelerinde esasy orun eýelemelidir.

Duşuşykda ÇÖHDMI-niň bioköpdürlüligu öwrenmek boýunça laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejebaý Kokanowa çykyş edip, şeýle diýdi:

- Mör-möjekler haýwanat dünýäsiniň howanyň ýylamagyna, daşky gurşawyň üýtgemegine seslenýän bir bölegidir.Soňky ýyllarda sebitde we ýurtda möwsümleýin ygallaryň hem-de gür otlaryň azalmagy netijesinde oba hojalyk ekinlerine, tokaý we öri meýdanlarynyň ösümliklerine zelel berýän mör-möjekler bolan kserofil ýa-da guraklygy halaýan çekitgeleriň we uly sazak möjekleriniň sany köpelýär.

Netijede olaryň köpçülikleýin köpelýän ýerleri Günbatar Köpetdagda demirgazyga we Köýtendagda günorta süýşdi: daglyk ýerlerde olaryň ýaşaýan ýerleriniň belentligi geçen asyryň ortasyndaky bilen deňeşdirilende takmynan 300-400 metr ýokary galdy.

Zyýan beriji mör-nöjekleriň ekologiýa şertlerine uýgunlaşýandygyny we olaryň iýmit strategiýasyny göz öňünde tutup, düýpli hem-de oba hojalyk ylmynyň hyzmatdaşlygynda mör-möjekleriň köpelýän tebigy ojaklarynyň çäklerine gözegçilik işleri we ýörüte çäreler geçirilýär.

ÇÖHDMI-niň alymlary Oba we suw hojalygy ministrliginiň tabşyrygy boýunça çekirtgeleri kesgitleýji suratly kitap, olaryň tebigy ojaklarynyň we ýaýran ýerleriniň kartalaryny, olary hasaba almak boýunça gollanma işläp taýýarladylar we olary Ösümlikleri goramak boýunça gullugyň etraplardaky hem-de welaýatlardaky edaralarynyň işgärlerine, tokaýçylyk we bioköpdürlülik boýunça hünärmenlere iberdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň günbataryna çekirtge çozdy, häkimiýetler zyýankeşlere garşy göreşýär
Aşgabatda balyk ösdürip ýetişdirmegiň derwaýys meseleleri boýunça FAO-nyň okuw maslahaty geçirildi
Azygyň bahasy 2,5 ýylyň iň pes derejesine ýetdi
FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalary peselmegini dowam edýär
FAO: Global oba hojalygynyň gizlin çykdajylary azyndan 10 trillion dollar
2024-nji ýyl Düýeler maşgalasyna degişli jandarlaryň ýyly diýlip yglan edildi
Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilhanasy açylar