FAO Merkezi Aziýada suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin maliýe serişdelerini bölüp berer

FAO Merkezi Aziýada suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin maliýe serişdelerini bölüp berer

Bütindünýä daşky gurşaw gaznasy (GEF) BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) umumy möçberi, takmynan ,2,9 milliard amerikan dollar deň bolan, azyk we oba hojalyk ulgamlarynyň durnukly ösdürilmegine, açlygy bes etmeklige we daşky gurşawy goramaklyga gönükdirilen 48 sany taslamasyny maliýeleşdirmek baradaky çözgüdi kabul etdi.

FAO-nyň şol taslamalary 46 döwleti, şol sanda Türkmenistany hem öz içine alýar.Bu barada FAO-nyň resmi saýtynda habar berildi.

GEF-iň Geňeşi tarapyndan tassyklanan we FAO-nyň ýolbaşçylygyndaky amala aşyryljak Merkezi Aziýanyň suw we ýer resurslarynyň arabaglanyşygy atly maksatnama üçin 26 million amerikan dollary bölüp berler hem-de bilelikdäki meliýeleşdirmegiň hasabyna maksatnama ýene 335 million amerikan dollary gönükdiriler.

Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Özbegistany öz içine alýan bu maksatnamanyň maksady Amyderýa we Syrderýa basseýnleriniň ekosistemalaryny dikeltmek, şeýle-de suw üpjünçiligini ýokarlandyrmak we oba ýerlerinde ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda balyk ösdürip ýetişdirmegiň derwaýys meseleleri boýunça FAO-nyň okuw maslahaty geçirildi
Azygyň bahasy 2,5 ýylyň iň pes derejesine ýetdi
FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalary peselmegini dowam edýär
FAO: Global oba hojalygynyň gizlin çykdajylary azyndan 10 trillion dollar
2024-nji ýyl Düýeler maşgalasyna degişli jandarlaryň ýyly diýlip yglan edildi
Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilhanasy açylar