FAO azyk önümleriniň bahasy birneme ýokarlandy

Şekeriň we etiň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli dünýädäki azyk nyrhlarynyň görkezijisi şu ýylyň başyndan bäri ilkinji gezek aprel aýynda ýokarlandy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalyk guramasynyň (FAO) hasabatynda tassyklanýar.

FAO-nyň azyk bahalary boýunça indeksi, has köp satylýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň üýtgemelerine gözegçilik edýär. Ol aprel aýynda 0,6% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde galla önümlerine, ösümlik ýagyna we süýt önümlerine bahalar arzanlady.

Indeks 2022-nji ýylyň aprelindäki iň ýokary derejeden 19,7% pes. Şekeriň bahasy şu ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende, 17,6% ýokarlandy.Bu ýagdaý üç aý bäri yzly-yzyna artýar.

FAO-de bellemeklerine görä, emele gelen ýagdaý Hindistan bilen Hytaýyň önümçilik çaklamalaryny azaltmagy, şeýle hem, Taýlandda we Ýewropa Bileleşiginde önümçiligiň azalmagy sebäpli dörän aladalar bilen baglanyşykly.Bu aladalar dünýädäki iň uly şeker öndüriji bolan Braziliýanyň önümçiligi baradaky oňyn çaklamalary hem aradan aýyrýar.

Aprel aýynda etiň bahasy sähelçe ýokarlanyp, indeks 1,3% ýokarlandy, ýöne bir ýyl ozalkydan 6,1% pes boldy. FAO-da bellemeklerine görä, Aziýada ete we towuga bolan islegiň artmagy bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Şekerden we etden başga, beýleki esasy görkezijiler üçin bahalar arzanlap, geçen 12 aýyň ymtylyşlaryna laýyk gelýär.

Dänäniň we ýarmanyň görkezijisi mart aýyndan 1,7% aşaklap, 2022-nji ýylyň aprel aýyndaky bahasyndan, ortaça, 19,8% pesde. FAO-nyň habaryna görä, bugdaýyň bahasy aprel aýynda 2,3% aşaklap, soňky iki ýylda iň pes derejede boldy, sebäbi Russiýadan we Awstraliýadan eksport garaşylyşyndan has ýokary boldy.

Ösümlik ýagynyň bahasy bäş aý bäri yzygiderli pese gaçdy. Soýa, raps we günebakar ýaglarynyň bahasy garaşylýandan has köp ugradylmagy sebäpli aprel aýynda 1,3% pese gaçdy. Global islegiň pesligi zerarly süýt önümleriniň bahalary 1,7% arzanlady.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda balyk ösdürip ýetişdirmegiň derwaýys meseleleri boýunça FAO-nyň okuw maslahaty geçirildi
Azygyň bahasy 2,5 ýylyň iň pes derejesine ýetdi
FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalary peselmegini dowam edýär
FAO: Global oba hojalygynyň gizlin çykdajylary azyndan 10 trillion dollar
2024-nji ýyl Düýeler maşgalasyna degişli jandarlaryň ýyly diýlip yglan edildi
Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilhanasy açylar