Aprel aýynda azyk harytlarynyň global bahasy mart aýyndaky rekord görkezijiler bilen deňeşdirilende birneme peseldi.Bu barada BMG-niň Azyk harytlary we Oba hojalygy guramasy (FAO) habar berdi. 2022-nji ýylyň aprel aýynda FAO-nyň azyk önümleriniň baha indeksiniň ortaça görkezijisi 158,5 punkt boldy, bu bolsa mart aýynda bellige alnan rekord görkezijiden 0,8 göterim pesdir. Şeýle-de bolsa, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 29,8 göterim ýokarydyr.
Aprel aýynda bahalaryň arzanlamagy ösümlik ýagynyň bahasynyň pese gaçmagy, şeýle-de däne ekinleriniň bahasynyň birneme peselmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde şeker, et we süýt önümleri gymmatlamagyny dowam etdirdi.
FAO-nyň hünärmenleri däne ekinleri üçin bahanyň pese gaçmagyny Argentinadan we Braziliýadan möwsümleýin hasyl üpjünçiligi bilen düşündirýärler.Aprel aýynda bugdaýyň bahasy 0,2 göterim ýokarlandy.Süýt önümleri barada aýdylanda, aprel aýynda ol Günbatar Ýewropada we Okeaniýada süýt önümçiliginiň möwsümleýin derejeden pes bolmagy sebäpli mart aýyna garanyňda gymmat boldy.
Aprel aýynda et 2,2 göterim gymmatlap, mart aýyndaky rekord görkezijiden ýokary boldy.Guş etiniň bahasy Ukrainadan eksport üpjünçiliginiň kesilmegi we Demirgazyk ýarym şarynda guş dümewiniň ýaýramagy sebäpli dörän global hödürlemäniň peselmegi esasynda güýçli hyrydarlyk sebäpli ýokarlandy.
Doňuz etiniň bahasy Günbatar Ýewropada soýulýan mallaryň baş sanynyň azalmagy we esasy öndüriji ýurtlarda içerki islegiň ýokary bolmagy bilen baglylykda ýokarlanmagyny dowam etdirdi.Sygyr etiniň global bahasy Braziliýadan uly eksport möçberi sebäpli birneme ýokarlandy.
Goýun eti barada aýdylanda, pandemiýa sebäpli girizilen karantin çäreleri we Hytaýyň portlaryndaky gijikdirmeler bu ýurtdan et satyn alyşlarynyň azalmagyna, netijede onuň bahasynyň birneme pese düşmegine getirdi.