Fahrettin Altun TRT-ny gutlady

Fahrettin Altun TRT-ny gutlady

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Habar toparynyň başlyklygyna saýlanan TRT Habar kanalyny we Türkiyäniň Radio we Telewideniýe Guramasyny (TRT) gutlady.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun TRT Habar kanalynyň ABU-da Habar toparynyň başlyklygyna saýlanmagy mynasybetli sosial media ulgamyndan gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

TRT Habar kanalyny we Türkiyäniň Radio we Telewideniýe Guramasyny (TRT) gutlan Fahrettin Altun noýabr aýynda TRT-nyň ABU başlyklygyny Türkiyä getirendigini mälim etdi.

Fahrettin Altun: "Şu gün gazanan bu üstünligimiz bilen bileleşigiň çäginde has işjeň iş alyp barjakdygymyza ynanýaryn" diýip belledi.

Altun: "Prezidentimiz hormatly Rejep Taýýip Erdoganyň maksatnamalaryna laýyklykda durmuşa geçirýän aragatnaşyk bilen bagly tagallalarymyz üçin örän gymmatly diýip hasap edýän bu wakanyň ýurdumyz, TRT-miz we ABU üçin düşümli bolmagyny dileýärin" diýip habar berdi.

Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) 65 ýurtdan 240 agzasy bilen dünýäniň iň uly ýaýlym guramasydyr.

Ýene degişli makalalar

“Next by TRT World Forum 2024” Başlaýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
TRT World Forum Stambulda Geçiriler
“Gazada Hüjümler Gyssagly Bes Edilmeli”
Dünýäniň ünsi ýene-de bir gezek Türkiýä gönükdi