Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Häzirki zaman dünýäsiniň utandyryjy hadysalarynyň biri bolan Srebrenisa gyrgynçylygynyň agyrylary henizem täzeligini goraýar. Türkiýe hökmünde bosniýanyň halkynyň ýanynda bolmaga, Balkan geografiýasynyň asudalygy we howpsuzlygy üçin her dürli ädimi etmäge dowam edýäris. Srebrenisada şehit bolan adamlaryň ýatan ýerleri ýagty bolsun" diýip habar berdi.
Fahrettin Altun şeýle hem Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan taýarlanan Srebrenisa gyrgynçylygyny düşündirýän wideo material paýlaşdy.
Ýugoslawiýadaky içerki söweşde, Bosniýa-Gersegowinanyň Srebrenisa şäherçesinde 1995-nji ýylyň 13-18-nji iýul aralygynda, 8 müň ýaş oglan we ýetginjek musulman erkek serbiýaly harby güýçler tarapyndan öldürilipdi.