Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Gresiýa bosgunlara garşy alyp barýan adamzat gymmatlyklaryndan uzak bolan çemeleşmesinden ýüz öwürmäge, Türkiyä garşy esassyz aýyplamalaryny bes etmäge we döwlet paýhaslylygyna çagyrdy.
Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Gresiýanyň Migrasiýa we sygynma ministri Notis Mitarakisiň, Twitter hasabyndan Türkiyä garşy beren beýanatlary sebäpli, sosial media hasabyndan beýannama berdi.
"Türkiyäni özleri bilen deňeýän Gresiýanyň Migrasiýa we sygynmadan jogapkär ministri, paýlaşan ýalan ýalňyş mazmunly maglumatlar bilen ýurdumyza garşy şübhe döretmäge synanyşdy" diýip aýdan Fahrettin Altun: "Gresiýa bu peýdasyz we salykatsyz tagallalary bilen, şahsy zatlaryny alyp ýurtdan çykaran bosgunlaryň suratlaryny paýlaşyp, şol ezilen adamlaryň mertebesine hormat goýmaýandygyny ýene-de bir gezek bütin dünýä görkezdi.
Gresiýanyň resmileri ilki bilen Fronteks bilen hyzmatdaşlyk edip, Egeý deňizinde gark bolmagyna sebäp bolan bäbekleriň, Meriç derýasynda egin-eşiklerini çykaryp kemerler bilen ýenjen we doňup ýogalmaklaryna sebäp bolan adamlaryň hasabyny bermelidirler.
Gresiýany bosgunlara garşy alyp barýan adamzat gymmatlyklaryndan uzak bolan çemeleşmesinden ýüz öwürmäge, Türkiyä garşy esassyz aýyplamalaryny bes etmäge we döwlet paýhaslylygyna çagyrýarys" diýip belledi.