“Facebook” sosial tory öz “akylly” sagadyny çykarmagy maksat edinýär. 2022-nji ýyla müşderilere ýetiriljek sagat “android” amaly ulgamynda işlär.Bu sagatlar, esasan, gönüden-göni sosial ulgam we onuň bilen baglanyşykly ähli hyzmatlary ýerine ýetirmäge niýetlener. Şeýle bu sagatlary fitnes-bilezigi hökmünde hem ulanyp bolar. Ýagny sagat näçe ädim ädeniňi, näçeräk ýol geçendigiňi, ýürek urşuňy we beýleki gündelik hereketleriňi yzarlap, bular barada maglumat berer. “Akylly” sagady beýleki beýleki dürli görnüşli enjamlara hem birikdirip bolar.
Olaryň arasynda şu ýylyň ahyrynda hödürlenjek “Ray-Ban” “akylly” äýnekleriniň hem bardygy aýdylýar.Bu sagadyň ikinji nesli bolsa, 2023-nji ýylda taýýar bolar.
“Facebook” sosial tory 2004-nji ýylyň fewralynda 19 ýaşly amerikan talyby Mark Zukerberg tarapyndan döredilipdi. Onuň ştab-kwartirasy Menlo-Parkda (Kaliforniýa) ýerleşýär.
The post “Facebook” sagat çykarar appeared first on Zaman Türkmenistan.