Dünýäniň iň köp tomaşa edilýän sport ýaryşlarynyň biri bolan Formula 1 boýunça Dünýä çempionatynyň täze möwsümi 28-nji martda, ýagny ertir badalga alar. 72-nji F1 möwsüminde 23 bäsleşik geçiriler.
Möwsümiň ilkinji ýaryşy adatça Awstraliýada geçirilýärdi. Ýöne Awstraliýa Gran Prisi 21-nji ýaryş bolup sanawa alyndy.Möwsümiň ilkinji bäsleşigi Bahreýnde geçiriler.Saud Arabystanynda F1 ýaryşy ilkinji gezek geçiriler we Niderlandlarda 36 ýyldan soň, F1 ýaryşy guralar.
10 toparyň gatnaşjak Dünýä çempionatynda 20 sürüji çempionlyk ugrunda özara bäsleşerler.Toparlaryň 3-si Beýik Britaniýadan, 2-si Italiýadan, galan 5-si bolsa Fransiýa, Awstriýa, ABŞ, Germaniýa hem-de Şweýsariýa döwletlerine degişli toparlardyr.
Bu toparlara Beýik Britaniýadan 3, Kanadadan, Fransiýadan, Ispaniýadan, Finlýandiýadan hem-de Germaniýadan 2, Italiýadan, Ýaponiýadan, Monakodan, Russiýadan, Awstraliýadan, Meksikadan hem-de Niderlandlardan 1 sürüji wekilçilik edýär.Sürüjileriň arasynda rowaýaty pilot Mihael Şumaheriň ogly Mik Şumaher hem bolup, ol russiýaly Nikita Mazepin ikisi “Uralkali Haas” toparynyň adyndan çykyş ederler.
Çempionlygyň esasy dalaşgäri ýene-de Lýuwis Hamiltondyr. Ol 8-nji çempionlygyny gazanyp, Şumaher bilen paýlaşýan rekordyny öz adyna geçirmek isleýär.
TOPARLAR we SÜRÜJILER
“Alfa Romeo Racing Orlen” (Şweýsariýa) Kimi Raikkonen (Finlýandiýa), Antonio Jowinazzi (Italiýa)
“Scuderia AlphaTauri Honda” (Italiýa) Pierr Gasli (Fransiýa), Ýuki Tsunoda (Ýaponiýa)
“Alphine F1 Team” (Fransiýa) Fernando Alonso (Ispaniýa), Estaban Okon (Fransiýa)
“Aston Martin Cognizant Formula One Team” (B. Britaniýa) Sebastian Wettel (Germaniýa), Lans Stroll (Kanada)
“Scuderia Ferrari Mission Winnow” (Italiýa) Şarl Lekler (Monako), Karlos Saýns Junior (Ispaniýa)
“Uralkali Haas F1 Team” (ABŞ) Nikita Mazepin (Russiýa), Mik Şumaher (Germaniýa)
“McLaren F1 Team” (B. Britaniýa) Daniel Rikkiardo (Awstraliýa), Lando Norris (B. Britaniýa)
“Mercedes-AMG Petronas Formula One Team” (Germaniýa) Lýuwis Hamilton (B. Britaniýa), Waltteri Bottas (Finlýandiýa)
“Red Bull Racing Honda” (Awstriýa) Serhio Perez (Meksika), Maks Werstappen (Niderlandlar)
“Williams Racing” (B. Britaniýa) Nikolas Latifi (Kanada), Jorj Rassel (B. Britaniýa)
The post F1-iň täze möwsümi başlaýar appeared first on Zaman Türkmenistan.