Eýranyň ýygyndysyna Saka we ýoldaşlaryny saklamak başartmady

Katarda düýn başlan Dünýä Kubogynda 2-nji günüň ilkinji duşuşygynda Angliýa bilen Eýranyň ýygyndylary duşuşdy.Olaryň arasyndaky ilkinji duşuşyga 45 müň 344 janköýeriň tomaşa edip, oýnunda Angliýanyň ýygyndysy uly hasap bilen, 6-2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Oýnuň her ýarymynda 3 gol geçiren Angliýanyň gollaryny Jud Bellingam (35), Bukaýo Saka (43, 62), Rahim Sterling (45), Markus Reşford (71) hem-de Jek Griliş (90) geçirdi.Eýranyň ýygyndysynyň gollaryny-da 65-nji minutda hem-de 90+13-nji minutda penaltiden Mehdi Taremi derwezä girizdi.

Oýnuň 1-nji ýarymynda Eýranyň derwezeçisi Beýranwandyň şikes almagyndan soň 1-nji ýarymyň ahyryna emin 14 minut goşdy. 2-nji ýarymyň ahyryna-da şikesler sebäpli 10 minut goşuldy.Emin jemi duşuşygyň ahyryna 29 minut goşdy.

Duşuşygyň 90+7-nji minutynda Serdar Azmunyň urgusy ýokarky sütünden meýdançanyň daşyna gitdi.

Ýene degişli makalalar

Angliýanyň EURO 2020-de çykyş etjek düzümi belli boldy
Şu wagt dünýäniň iň gymmat futbolçysy kim?
56 ýyllyk rekordy gaýtalady
Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri
Holand 2020/21-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň iň gowy bombardiri boldy
Eýranyň ýygyndysyna 1 utuk hem ýeterlikdi