Eýranyň ýolagçy uçaryna edilen hüjümiň ýyl dönümi

Eýranyň ýolagçy uçaryna edilen hüjümiň ýyl dönümi

Otuz dört ýyl ozal şeýle bir günde , şämsi seneden , 1401-nji ýylyň 12-nji tirinde, Amerikan gämisi Wincennesiň Bandar Abbasdan Dubaýa uçup barýan Eýranyň Airbus ýolagçy uçaryna raketa atypdy.

Hejri şämsi seneden , 1401-nji ýylyň 12-nji tiri, Amerikan gämisi Wincennesiň Bandar Abbasdan Dubaýa uçup barýan Eýranyň Airbus ýolagçy uçaryna raketa hüjüminiň ýyl dönümidir.

Otuz dört ýyl ozal şeýle bir günde (1988-nji ýylyň 3-nji iýuly) Eýranyň ýolagçy uçaryna Winsennes harby gämisiniň raketasynyň atylmagy netijesinde 66 çaga we 53 aýal bilen birlikde 290 ýolagçynyň hemmesi öldürildi. Olardan 254-si eýranlydy, on üçüsi Birleşen Arap Emirlikleriniň raýatydy, on adam hindilerdi, alty adam pakistanlydy, alty adam ugugoslawiýanyň raýatydy we biri hem italýandy.

Bu uçar heläkçilige uçrandan soň, Amerikan häkimiýetleri bu bagyşlanyp bolmajak jenaýaty aklamak üçin gapma-garşylykly sebäpler berdiler we bu duşmançylykly hereketiň ýalňyşdygyny görkezmäge synanyşdylar, ýöne Winsennes harby gämisiniň iň ösen radar ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandygy we şeýle hem uçaryň görnüşiniň bellidigi üçin, ýalňyşlyk ähtimallygynyň ýokdugy we bu hereketiň düýbünden duşmançylyklydygy kabul edildi.

Amerikalylar bu jenaýatlaryny basyrmak üçin, ilki oňa harby uçarmyka diýdik diýdiler, soň uçary howa koridorynyň daşynda gördük diýdiler, emma soň bolsa, Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) uçaryň kanuny ugurda uçandygyny tassyklanda, ABŞ , bu uçary F14 söweşijisi diýip ýalňyşandyklaryny tosladylar. Gyzykly tarapy, Winsennesiň serkerdesi soňra batyrgaý medal bilen sylaglandy.

Hakykat, Amerikanyň adam hukuklarynyň bozulmagynyň uzyn sanawynyň bardygy we Amerikanyň adam hukuklaryny bozýanlara we çagalary öldürýäne režimine, şol sanda Sionistler göni we gytaklaýyn goldawy, köpçüligiň pikirinden gizlenmeýän hakykatdyr.

BMG Howpsuzlyk Geňeşinden we Halkara Raýat Awiasiýasy Guramasyndan (ICAO) başga-da, Eýran Yslam Respublikasy Lahedaky Halkara Kazyýetine şikaýat etdi, ýöne Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň syýasy basyşynyň täsiri astynda ICAO tehniki taýdan işlemegiň ýerine, bu heläkçilikden aman galanlara gynanç bildirdi .

Amerikalylaryň näme üçin bu jenaýaty edendiklerini we ýolagçy uçaryny ýere gaçyrandygyny düşündirende, ABŞ-nyň gönüden-göni goldawy bilen Saddam režimiň Eýrana garşy amala aşyran söweş meselesini agzamak zerurdir.Aslynda, girizilen söweşiň şertleri we prosesi Amerikan häkimiýetleri üçin amatly däldi.

Başga sözler bilen aýdylanda, Amerikan häkimiýetleri ilki bilen gysga wagtyň içinde öz maksatlaryna ýeteris öýdüpdiler, emma Eýran Yslam Respublikasynyň garşylygy we Eýran söweşijileriniň söweş meýdanynda gazanan köp sanly ýeňişleri bu uruşda Amerikallaryň talaplarynyň ýerine ýetirilmeginiň öňüni alypdy.

Pars aýlagynda ýolagçy uçarynyň atylmagy we raýat flotundakylaryň Amerikan floty tarapyndan şehit edilmekleri taryhda bagyşlanyp bolmajak jenaýatlaryň biridir.

Ýene degişli makalalar

Diňe oýunçylar däl, janköýerlerem sanawa goşular
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Dosent Berdiniýaz Rejepmedowyň doglan güni mynasybetli duşuşyk geçirildi
Tramp öz administrasiýasyny döredýär
110 ýaşly erkek kişi uzak ýaşamagynyň syryny açdy
Türkmen wekilýeti ABŞ-nyň uniwersiteti bilen atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrendi