Eýranyň we Malaýziýanyň Lideri Gaza Hakynda Pikir Alyşdy

Eýranyň we Malaýziýanyň Lideri Gaza Hakynda Pikir Alyşdy

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Pezeşkiýan bilen Ibrahim telefon söhbetdeşliginde Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Iki lideri, ABŞ-nyň we Günbatarly käbir ýurtlaryň Gazada asuda ilata garşy guralýan hüjümlere garamazdan Ysraýyla ýarag kömegini bermeginiň adam hukuklaryna bap gelmeýändigine ünsi çekdi.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin musulman ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetlidigini nygtan liderler, bu meselede Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň edýän tagallasynyň möhümdigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

“Bu Asyr Türk Dünýäsiniň Asyry Bolar”
“Gazada Soňky Asyryň Iň Uly Genosidi Başdan Geçirilýär”
Ysraýyl Gazada 27 Günde 1200-den Gowrak Palestinalyny Öldürdi
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gazada Deňi-Taýy Görülmedik Genosid Başdan Geçirilýär
“Ysraýylyň Hüjümleri Bes Edilýänçä Halkara Derejesinde Çetleşdirilmegi Diýseň Möhüm”