Eýranyň we Irlandiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ýadro ylalaşygy boýunça Bilelikdäki komissiýanyň gepleşikleri barada maslahatlaşdylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif çarşenbe güni Irlandiýanyň Dublin şäherinde bu ýurduň Daşary işler ministri Simon Kawoni bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebitleýin we halkara möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Eýranyň Daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary möhüm hasaplamak bilen Irlandiýanyň Tährandaky ilçihanasyny açmak we ilçi ibermek baradaky meýilnamalaryny garşy aldy.
Zarif, şeýle hem Eýranyň, esasanam iki ýurduň arasynda oba hojalygy, maglumat tehnologiýasy we ylym we tehnologiýa pudaklarynda syýasy we ykdysady geňeşmeleri dowam etdirmäge gyzyklanýandygyny aýtdy.
Duşuşykda Irlandiýanyň Daşary işler ministri Simon Kawoni öz ýurdunyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga we hyzmatdaşlyk üçin 2231-nji karary ýeňilleşdirmäge gyzyklanma bildirdi.
Wenada dowam edýän gepleşiklerdäki soňky wakalar, Palestindäki soňky wakalar we Eýran Yslam Respublikasynyň ähli dinlere degişli ähli palestinalylaryň gatnaşmagynda basyp alnan Palestinde referendum geçirmek baradaky pozisiýasynyň düşündirilmegi, Ýemendäki, Yrakdaky, Owganystandaky, Liwandaky, Siriýadaky we Garabagdaky wakalar, Duşuşykda Eýran we Irlandiýanyň daşary işler ministrleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylan beýleki mowzuklardandyr.