Programmamyzyň bu sany Eýranda türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan iri şäherleriniň birinde gelip çykyşy boýunça etniki türkmeniň häkim wezipesine bellenmegini, şol bir wagtda, bu ülkede türkmen azlyklarynyň medeni hukuklarynyň basgylanmagynyň dowam etdirilmegi boýunça aladalary üns merkezine çekýär.
Birinjilik bilen, etniki türkmeniň häkim wezipesine bellenilmegi: asly eýran türkmenlerinden bolup, özi Türkiýede ýaşaýan intelligensiýa wekili Abdyrahman Düýeji Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, ýaňy-ýakynda gelip çykyşy boýunça etniki türkmen bolan syýasatçynyň Kümmethowuz şäheriniň häkimi wezipesine bellenilendigini aýtdy.
Şol bir wagtda, ýurduň demirgazyk sebitlerinde, hususan-da etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan etrap-şäherlerinde türkmen azlyklarynyň durmuş we medeni hukuklarynyň basgylanmagy barada aladalar artýar.
Abdyrahman Düýeji ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, türkmenleriň ýaşaýan sebitlerine beýleki milletleriň wekillerininiň häkimiýetler tarapyndan köpçülikleýin “ýöriteläp” göçürip getirmek prosesiniň, “demografik inženerçiligiň” üznüksiz dowam etdirilýändigini, etniki türkmenleriň demografik gurluşyny üýtgetmek ugrunda aýratyn tagalla edilýändigini gürrüň berdi.
Geliň, häzir asly türkmensähraly intelleginsiýa wekili, Türkiýäniň Trakýa uniwersitetiniň mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Abdyrahman Düýeji bilen bu temada geçirilen söhbetdeşligi diňläliň!