Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary protestleriň “ýeňlişe sezewar bolandygyny” aýtdylar

Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary protestleriň “ýeňlişe sezewar bolandygyny” aýtdylar

Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary daşardan gurnalandygyny öňe sürýän hökümete garşy protestleriň “ýeňlişe sezewar bolandygyny” aýtdylar.

Rewolýusiýa sakçylarynyň ýaýradan beýanatynda: “Eýranyň rewolýusion adamlary, şeýle-de on müňlerçe Basij güýçleri, polisiýa we Aňtaw ministrligi Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Ysraýyl, Saud Arabystany, söweşijiler we monarhçylar tarapyndan döredilen [tolgunşyklaryň] zynjyryny üzmegi başardy” diýilýär.

Bu beýanat Eýran parlamentinde bir hepde bäri dowam edýän hökümete garşy protestleri maslahat etmek üçin, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiren mejlisinden soň ýaýradyldy.

Reformist kanunçykaryjylary tarapyndan çagyrylan bu maslahata protestleriň sebäplerini seljermek üçin ýurduň içeri işler ministri, aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy, howpsuzlyk geňeşiniň başlygy hem gatnaşdy.

Ýeri gelende bellesek, ýurduň hökümeti hem bu protestleriň arkasynda daşarky güýçleriň durandygyny öňe sürüpdi. ABŞ we Ysraýyl protestçileri goldasalar-da, bulary gurnandygy baradaky aýyplamalary ret etdiler.

Bu aralykda, döwlet mediasy hökümeti goldap eýýäm bäş gün bäri geçirilýän ýörişlerden reportažlary görkezdiler. Şol bir wagtda, resmi mediada hökümete garşy protestler görkezilmedi.

Emma, Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna ýurduň azyndan dokuz şäherinde, şol sanda Tähranda hem protestleriň dowam edýändigi barada maglumatlar gowuşdy. Şeýle-de öten agşam Takestanda, Arakda, Masjed Soleýmanyna, Maşadda, Kazwinde, Raştda, Lahijanda we Aýatollah Ruhollah Homeýniniň dogduk şäheri Homeýnide hem ýerli dolandyryşa garşy demonstrasiýalaryň geçirilendigi barada maglumatlar bar.

Bir hepdeden hem aşa wagt dowam edýän protestlerde 22 adam öldi, 1 müň 700 golaýy hem tussag edildi.

Ýene degişli makalalar

Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Hermitage Home Interiors şowrumy Londonart haryt nyşanly ajaýyp oboýlary tanyş edýär
“Akylly” öý tehnologiýalary ösdüriler
Amir Abdullahýanyň 36-njy Yslam Agzybirligi konferensiýasynyň myhmanlary bilen duşuşygy
Ynkylabyň ýokary lideri: kimdir biri Yslam respublikasynyň berk agajyny ýykmagy galat edip ýadyna alar
Döwrebaplygyň kerwenbaşysy: Hermitage Home Interiors santehnika enjamlarynyň we wanna mebelleriniň ajaýyp kolleksiýalaryny hödürleýär
Içeri işler ministri: Mezhepleriň arasyndaky jebisligi güýçlendirmek zerurdyr