Eýranyň Prezidentini Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny Yraga Guraýar

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga guraýar.

Yrak tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa As Sudani, Pezeşkiýany Halkara Bagdat howa menzilinde resmi dabara bilen garşylady.

Sudani, eýranly resmi wekiliýet bilen özara duşuşyk geçirer.

Iki lider, salgytlar, oba hojalyk, tebigy çeşmeler, ýaşlar we sport, bilim, syýahatçylyk, medeniýet we taryhy eserler ýaly birnäçe ugur boýunça ylalaşyk şertnamasynyň gol çekişlik dabarasyna gatnaşar.

Eýranyň lideri Pezeşkiýan, Yragyň Prezidenti Abdullatif Reşid, Mejliň başlygy wezipesini ýerine ýetiriji Muhsin Mendelawi bilen birlikde käbir syýasy liderler bilen duşuşar.

Eýranyň Prezidenti Nejef, Kerbela, Basra we Erbil şäherlerine hem barar.

Ýene degişli makalalar

“Yragyň we Türkiýäniň Howpsuzlygy Biri-Biri Bilen Arabaglanşykly
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Prezident Erdogan Yrakda saparda bolýar
Ibrahim Kalyn Yrakda Saparda Boldy
Yragyň İlaty 45 Milliondan Geçdi
Türkiýäniň Sudana Ynsanperwer Kömegi Dowam Edýär