Eýranyň Prezidenti Ýurdunyň Ykdysady Taýdan Agyr Günleri Başdan Geçirýändigini Aýtdy

Eýranyň Prezidenti Ýurdunyň Ykdysady Taýdan Agyr Günleri Başdan Geçirýändigini Aýtdy

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, ýurdunyň ykdysady taýdan agyr günleri başdan geçirýändigini aýtdy.

Prezident Pezeşkiýan mejlisde halka ýüzlenip çykyş etdi.

Hökümetiň halkyň hak-hukuklaryny gorajakdygyny wada beren Pezeşkiýan “Ýurt agyr şertleri başdan geçirýär we halk hem ykdysady taýdan agyr günleri başdan geçirýär. Ykdysady, sosial, daşky-gurşaw, bilim we medeniýet pudaklaryndaky adalatsyzlyk ähli ugurlara öz ýaramaz täsirini ýetirýär” diýdi.

Çykyşynda esasan adalata ünsi çeken Pezeşkiýan, “ Hökümetiň esasy wezipesi adalatly bolmak we halky kanagatlandyrmakdyr. Adalatly çemeleşjekdigimize ynanýaryn. Ähli dinler, ynançlar, ymamlar, pygamberler adalatdan ýüz öwürmändir. Dindar bolup bolmandygy, türk, pars, arap ýerli ýada daşary ýurtly bolmagy beýle möhüm däl. alnyp barylýan ähli göreş adalat bilen arabaglanşyklydyr” diýdi.

Başdan geçirilýän kynçylyklary häzirki usullar bilen ortadan aýryp bilmejekdiklerini aýdan Pezeşkiýan, “Halky kanagatlandyrmak isleýäris, emma şu günki günde halk nägile. Halkyň nägile bolmagy Alla garşy söweş yglan etmek manysyny aňladýar. Bu biziň kemçilimiz, Amerikanyn ýada daşary ýurtly biriniň däl” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Baýden Ukraina Goşmaça HArby Kömek Berjekdiklerini Aýtdy
Erdogan Terrorizm Garşy Göreşiň Egilşiksiz Dowam Etjekdigini Aýtdy
Miras žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Diňle: 'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Antalýa 7 Aýda 9 Million 58 Müň Syýahatçy Geldi