Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi

Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berilen habara görä, Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan, fransuz kärdeşi Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Mesud Pezeşkiýan Emmanuel Makrona ýurdunyň Fransiýa bilen gatnaşyklaryny dogruçyllyga we birek-birege ynam esasynda ösdürmäge taýardygyny beýan etdi.

Sebitde Ysraýylyň hüjümlerinden gözbaş alýan dartgynlygyň üstünde durup geçen Pezeşkiýan, Liwanyň günorta serhetlerinde Ysraýyl bilen çaknyşyklaryň bolmagyna alada bildirýändiklerini habar berdi.

Eýranyň prezidenti: "Sionist režimiň Liwana guramagy ähtimal hüjümleriniň agyr netijelere sebäp bolup biljek uly ýalňyşlyk bolar" diýip duýduryş berdi.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bolsa Eýranyň özleri we Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň täze hökümet döwründede ösmegini umyt edýändiklerini belledi.

Ýene degişli makalalar

Fransiýanyň Prezidenti Makrona Sahel hakyndaky analizleri sebäpli garşylyk güýçlenýär
Fransiýanyň Premýer-ministri Attal Wezipesinden Çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Prezidentini Bastiliýanyň eýelenen güni bilen gutlady
Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Fransiýanyň hökümet başlygy Attal iş başyndan gitmekçidigini yglan etdi
Fransiýadaky saýlawda garaşylmadyk netije